23.10.2025
2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna bagyşlanan halkara maslahat we sergi
üstünlikli dowam etdirilýär.
Halkara maslahat mowzuklaýyn mejlisler
boýunça alnyp barylyp, ýüzlerçe adamy, şol sanda daşary ýurtlaryň ençeme
wekillerini bir ýere jemledi. Olar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit
we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan
görkezme çykyşlar, dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda
marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyrylýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergide önümleri hem-de uglewodorod çig malyny gözläp
tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamyny üpjün etmek, çuň burawlamak,
ozalky hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini
gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak,
guýularyň önüm berijiligini köpeltmek babatda hyzmatlaryň giň gerimi
görkezilýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy bölümi