12.11.2026
Türkiýe
Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň
Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji
maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistanyň
milli pawilýony halkara jemgyýetçiliginiň, dürli ýurtlardan gelen
wekiliýetleriň we daşary ýurtly myhmanlaryň uly gyzyklanmasyny döredýär. Türkmenistanyň
bu iri halkara maslahata milli pawilýon bilen ilkinji gezek gatnaşmagy aýratyn
ähmiýete eýe bolup, pawilýona gelýän myhmanlar ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri,
ekologik ugurda öňe sürýän başlangyçlary, ykdysady mümkinçilikleri hem-de
döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilen ýakyndan
tanyşýarlar.
Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy
baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we “ýaşyl”
ykdysadyýeti ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň
halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlary hem aýratyn ähmiýete eýedir.
Milli pawilýona
gelýan daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň suw we energetika serişdelerini netijeli
peýdalanmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, ekologik tehnologiýalary
ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşýarlar. Şeýle hem ýurdumyzyň
ykdysady kuwwatyna, halkara hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine we döwlet syýasatyna
uly gyzyklanma bildirýärler.
COP31-iň
çäklerinde geçirilen Liderler sammitinde türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz çykyş edip,
howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleleriň çözülmeginde halkara tagallalary
birleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Çykyşynyň dowamynda Milli Liderimiz halkara
ekologik hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bäş sany möhüm başlangyjy öňe
sürdi.
Birinji
başlangyç 2028-2037-nji
ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň
onýyllygy diýip yglan etmek teklibidir. Bu başlangyç döwletleriň howa bilen
bagly durnuklylygyny ýokarlandyrmaga we zerur serişdeleri gönükdirmäge
gönükdirilendir.
Ikinji
başlangyç halkara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen “Howa boýunça Aşgabat dialogyny”
döretmek we onuň ilkinji halkara duşuşygyny 2027-nji ýylda Aşgabatda geçirmek
teklibidir.
Üçünji
başlangyç halkara guramalar
bilen bilelikde howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly
atlasyny taýýarlamakdan ybaratdyr. Ol howa ýagdaýlaryna gözegçilik etmäge,
maglumatlary seljermäge we uýgunlaşmagyň netijeli çärelerini kesgitlemäge
mümkinçilik berer.
Dördünji
başlangyç Howa bilen bagly
tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmekdir. Bu
teklip ösüp barýan döwletleriň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara,
innowasion çözgütlere we howa bilen bagly maliýeleşdirmä elýeterliligini
giňeltmägi maksat edinýär.
Bäşinji
başlangyç Birleşen Milletler
Guramasynyň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak teklibidir.
Ol daşky gurşawy goramak, biologik köpdürlüligi saklamak we tebigy serişdelerden
durnukly peýdalanmak boýunça halkara hukuk kadalaryny kämilleşdirmäge ýardam
berer.
Gahryman
Arkadagymyzyň öňe süren bu başlangyçlary Türkmenistanyň ählumumy ekologik
meseleleriň çözülmegine goşýan goşandynyň we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gönükdirilen tagallalarynyň aýdyň beýanydyr.
Liderler
sammitinde öňe sürlen teklipleriň milli pawilýonda görkezilýän ekologik
başlangyçlar bilen sazlaşygy aýratyn ähmiýete eýedir.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň COP31 halkara maslahatyna milli
pawilýon bilen ilkinji gezek gatnaşmagy, Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren bäş
sany möhüm başlangyjy we daşary ýurtly myhmanlaryň milli pawilýona bildirýän
gyzyklanmasy ýurdumyzyň halkara ekologik hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki işjeň
ornunyň aýdyň beýany bolup durýar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.