Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanda BMG-niň Maslahaty geçiriler

10.07.2025
61
Card image cap

           Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Birleşen Milletler guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty 2025-nji ýylyň 4 – 8-nji awgusty aralygynda geçiriler. Maslahat “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän döwrebap forum merkezinde öz işine başlar.

       Bu halkara çäresi Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň giňelýändiginiň, onuň halkara meselelerine işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle hem bu maslahat, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysady mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagyna getirer.

       Türkmenistanyň şeýle derejedäki çärelere ýer bermegi, onuň dünýä syýasatyndaky oňyn ornunyň hem-de parahatçylyk dörediji tagallalarynyň ykrar edilýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň