16.04.2026
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistan – Hytaý Halk
Respublikasy: gaz ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy” atly
ylmy-amaly maslahaty hem-de onuň çäklerinde sergi geçirildi.
Maslahata
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza
sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy
býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet
Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan gatnaşdy.
Çäräniň
dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda goýlan
strategiki hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Taraplar
hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de uzak möhletleýin
hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny nygtadylar.
Ylmy-amaly
maslahatyň çäklerinde guralan sergi gatnaşyjylara pudaga degişli häzirki zaman
çözgütler, tehnologiýalar hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga
giň mümkinçilik döretdi.
Maslahat
iki ýurduň degişli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek, tejribe
alyşmak hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp
maslahatlaşmak üçin möhüm halkara meýdança hökmünde çykyş etdi.
Bellenilişi
ýaly, bu halkara çäre Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky
strategiki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna hem-de döwletara
gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň berkidilmegine hyzmat edýär.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.