11.11.2026
2026-njy ýylyň 9 – 20-nji noýabry
aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde Birleşen Milletler
Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy
taraplaryň 31-nji maslahaty (COP31) geçirilýär. Dünýä
jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän bu iri halkara çäre howanyň üýtgemegi
bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ekologik howpsuzlygy üpjün
etmek we durnukly ösüşiň geljekki ugurlaryny kesgitlemek babatda möhüm meýdança
bolup durýar. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşýar.
Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy
baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda öňe
sürülýän milli başlangyçlar Türkmenistanyň ählumumy ekologik meseleleriň
çözülmegine işjeň goşant goşýandygyny aýdyň görkezýär.
Türkmenistan
bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky taryhy köklere, ruhy-medeni umumylyga
we mizemez dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar häzirki döwürde täze
mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Özara hormat goýmak, ynanyşmak we strategik
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklar söwda-ykdysadyýet,
energetika, ulag, senagat we beýleki möhüm ugurlarda yzygiderli ösdürilýär.
COP31maslahatynyň
çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň ýokary guramaçylyk derejesinde
taýýarlanylmagy we bezeg işleriniň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasy tarapyndan alnyp baryldy. Milli pawilýon ýurdumyzyň
ekologik ugurdaky başlangyçlaryny, ykdysady mümkinçiliklerini, tebigy
baýlyklaryny hem-de halkara hyzmatdaşlyga goşýan goşandyny dünýä
jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrýan ähmiýetli meýdança bolup çykyş edýär.
Pawilýonda Türkmenistanyň
tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, energiýa
netijeliligini ýokarlandyrmak, innowasion we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary
ornaşdyrmak, şeýle hem daşky gurşawa düşýän agramy azaltmak boýunça toplan
tejribesi we mümkinçilikleri giňden görkezilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň durnukly
ösüşi üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleriniň halkara derejede wagyz
edilmegine ýardam berýär.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň halkara çärä gatnaşmagy hem ýurdumyzyň
işewür toparlarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny giňeltmek,
täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemek we türkmen telekeçiliginiň
mümkinçiliklerini dünýä giňişliginde tanyşdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.
COP31-iň
dowamynda geçirilýän işewürlik duşuşyklary, ýöriteleşdirilen sergiler we
halkara maslahatlar döwletleriň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň arasynda tejribe
alyşmaga, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we bilelikdäki
başlangyçlary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Hususan-da, 11 –
12-nji noýabrda geçirilýän dünýä liderleriniň sammiti howanyň üýtgemegine garşy
göreşmek boýunça halkara tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň
bu iri halkara çärä gatnaşmagy, milli pawilýonyň üsti bilen ýurdumyzyň ekologik
başlangyçlarynyň we ykdysady mümkinçilikleriniň dünýä jemgyýetçiligine
tanyşdyrylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň halkara işjeňligi
ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge, ekologik başlangyçlary
goldamaga we ählumumy durnukly ösüşe goşant goşmaga gönükdirilen işleriniň
aýdyň beýany bolup durýar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.