Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan bilen Özbegistanyň işewür toparlary hyzmatdaşlygy giňeldýär

05.11.2026
30

      2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekiliniň gatnaşmagynda türkmen-özbek işewürlik forumy hem-de B2B görnüşindäki ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.

         Gepleşikleriň dowamynda gurluşyk, azyk we himiýa senagaty, dokma önümçiligi, elektrotehnika, oba hojalygy, söwda we hyzmatlar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Telekeçiler öz önümleridir hyzmatlaryny tanyşdyryp, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak boýunça pikir alyşdylar.

         Forumyň çäklerinde Özbegistandan 150-den gowrak telekeçiniň Aşgabatda geçirilýän “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara sergä we maslahata (CIET 2026) gatnaşmagy hem-de özbek öndürijileriniň önümleriniň sergisiniň guralmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge täze mümkinçilikleri döretdi.

         Türkmen-özbek işewürlik forumy iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde we täze ykdysady mümkinçilikleri açmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň