Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan bilen Liwiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

25.07.2026
33

       2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Liwiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili Mahmud A. Hasanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

         Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Liwiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Taraplar söwda, maýa goýum, işewürlik we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşyp, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ähmiýetini nygtadylar.

         Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge, geljekde bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň