17.04.2026
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde
Aşgabat şäherinde geçirilýän “Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: gaz
ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy” atly ylmy-amaly maslahatynyň we
sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Hytaý
Halk Respublikasynyň halkara söwdasyny öňe ilerletmek boýunça komitetiniň
başlygy Žen Hunbiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda
taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we
ösüş mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem halkara sergilere işjeň
gatnaşmagyň, täze hyzmatdaşlary çekmegiň we işewür gatnaşyklary ösdürmegiň
ähmiýeti nygtaldy.
Mundan
başga-da, özara söwda dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny
giňeltmek hem-de telekeçiligi goldamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň
ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny
beýan etdiler.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.