03.11.2026
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda dowam edýän “Türkmenistanyň gurluşyk,
senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly Halkara serginiň we
maslahatyň çäklerinde Türkmen – Awstriýa ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge
gönükdirilen möhüm duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň Awstriýa Respublikasynyň Federal
Geňeşiniň başlygy Kristina Şwarz-Fuksyň ýolbaşçylygyndaky işewürler wekiliýeti
bilen Türkmen – Awstriýa tegelek stoly geçirildi.
Duşuşygyň
esasy maksady türkmen – awstriýa gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrmak,
özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de iki ýurduň işewür
toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri kesgitlemekden
ybarat boldy.
Tegelek
stolyň dowamynda türkmen – awstriýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we
geljekki ösüş ugurlary, ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, özara
tejribe alyşmak hem-de işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak
meselelerine üns berildi.
Şeýle
hem ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynda durmuşa
geçirilýän özgertmeler, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Duşuşyk iki ýurduň işewür toparlarynyň
arasynda netijeli dialogy ösdürmek, özara bähbitli başlangyçlary öňe sürmek we
hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança boldy.
Türkmen
– awstriýa tegelek stolunyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara ykdysady
hyzmatdaşlygy giňeltmäge, daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen netijeli
gatnaşyklary ösdürmäge hem-de milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara
bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalarynyň möhüm beýany
bolup durýar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.