Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-türk Işewürler Geňeşiniň mejlisinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

12.02.2026
20

         2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde Türkmen-türk Işewürler Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu mejlis iki dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm çäreleriň biri boldy.

         Mejlisiň esasy maksady Türkmen-türk Işewürler Geňeşiniň türkmen wekiliýeti bilen türk tarapynyň arasynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de gündelik meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýle hem Türkmenistanda we Türkiýede iki döwletiň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda dürli derejedäki bilelikdäki çäreleri guramak bilen bagly meseleleri giňişleýin seljermekden ybarat boldy.  

         Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, işewürlik forumlaryny we sergileri yzygiderli geçirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem özara maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek, önümçilik hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

         Nygtalyşy ýaly, Türkmen-türk Işewürler Geňeşi iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakda netjeli mehanizm hökmünde çykyş edýär. Nobatdaky mejlis hem özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga hem-de işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň