Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-türk işewür hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

29.06.2026
33

      Türkmenistanyň Türki döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bilelikdäki işewürlik çärelerini guramak hem-de ýurdumyzyň Türki söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň çäklerindäki işjeň gatnaşygyny has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy 2026-njy ýylyň 26-28-nji iýuny aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde iş saparynda boldy.

Saparyň çäklerinde, 2026-njy ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Türki söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary Adem Kula arasynda iş duşuşygy geçirildi.

         Duşuşykda Türkmenistan bilen Türki döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, işewür toparlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Şeýle hem halkara sergilerini, işewürlik forumlaryny we beýleki bilelikdäki çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleriň tertibini utgaşdyrmak, şeýle-de işewür toparlaryň özara tejribe alyşmagyny we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşyldy.

         Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de türkmen-türk işewür gatnaşyklarynyň mazmunyny täze derejä çykarmak ugrunda ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň