18.03.2026
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18
ýyllygy mynasybetli gurnalan serginiň myhmanlarynyň yzy üzülenok.
Bu iri gözden geçiriliş türkmen işewürleriniň tejribesini,
üstünliklerini we mümkinçiliklerini, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýurduň
innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri
döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge goşýan saldamly
goşandyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ähli
pudaklary we ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmekde, daşary ýurtlardan
getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde we
ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda milli ykdysadyýetimiziň hususy
bölegine aýratyn orun degişlidir.
Geçen 18 ýylyň dowamynda birleşmäniň
agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň
alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bu ugurdaky syýasatyň ajaýyp
miweleridir.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.