Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen telekeçileri Londondan Ýewropa bazaryna ýol açýar

11.05.2026
42

         2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde türkmen telekeçileri bilen britan işewürleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli işewürlik duşuşyklary geçirilýär. 11-15-nji maýy aralygynda dowam edýän çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenisatnyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen guraldy.

        Çäräniň esasy maksady türkmen önümleriniň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmak we Ýewropa bazaryna çykmakdan ybaratdyr.

           Duşuşyklaryň dowamynda agro-senagat, dokma, gurluşyk, logistika, bilim we innowasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapynyň ýokary hilli pagta önümleri hem-de ekologik taýdan arassa azyk harytlary daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döretdi.

         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy şeýle halkara işewürlik duşuşyklarynyň türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde we milli önümleriň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

         Çäräniň dowamynda birnäçe hyzmatdaşlyk taslamalaryň we ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekilmegine garaşylýar. Bu işewürlik sapary türkmen telekeçileriniň halkara bazarlardaky ornuny pugtalandyrmakda möhüm ädim hökmünde baha berilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň