16.09.2026
2026-njy ýylyň 15-nji
sentýabrynda Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň dowamynda Türkmen-koreý işewürlik
maslahatynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Bu ykdysady çärä Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Möhüm
işewürlik çäresiniň çäklerinde türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň
sergisi guralyp, onda ýurdumyzyň hususy pudagynyň önümçilik kuwwaty, milli
önümleriniň ýokary hili we görnüşleriniň köpdürlüligi giňden görkezildi.
Sergi
türkmen önümlerini halkara giňişliginde tanyşdyrmak, koreý işewür toparlary
bilen täze gatnaşyklary ýola goýmak we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin
netijeli meýdança boldy.
Türkmen-koreý
işewürlik maslahatynyň netijeleri iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açyp, özara bähbitli işewür gatnaşyklary has-da
pugtalandyrmaga möhüm itergi berdi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.