Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen – Hytaý işewür gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär

28.04.2026
14

       2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän Türkmen – Hytaý işewürler forumy we sergisi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm meýdança boldy. Serginiň çäklerinde geçirilen duşuşyklar söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, maýa goýum işjeňligini artdyrmaga hem-de täze taslamalary ilerletmäge gönükdirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Hytaý Halk Respublikasynyň kärhanalary daşary ýurtlarda ösdürmek boýunça assosiasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, geljekde geçiriljek halkara sergilere, forumlara gatnaşmak, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek ýaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Şeýle hem, TSSE-nyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Shaanxi Foreign Trade and Economic Cooperation International Digital Exhibition Co., Ltd.”, “Qingdao Zhengdu International Trade Co., Ltd.” hem-de “Beijing Council for the Promotion of International Trade Comprehensive Service Center” kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda söwda dolanyşygyny artdyrmak, sanly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak, logistika ulgamlaryny ösdürmek we halkara sergi işini giňeltmek meselelerine garaldy.

Bu duşuşyklar Türkmenistanyň halkara işewürlik giňişligindäki ornunyň barha pugtalanyp, Hytaý bilen strategik hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny görkezdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň