Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-Emirlik Forumy Şarjada geçiriler

09.09.2025
110

          2025-nji ýylyň 1-10-njy oktýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja emirliginde Türkmen-Emirlik işewürler forumy geçiriler. Bu işewürlik çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Şarjanyň Söwda-senagat edarasy hem-de BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasy tarapyndan gurnalýar.

    Forum häzirki zaman ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, söwda we senagat ugurlaryndaky täzelikleri ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem türkmen we emirlik işewürleriniň arasynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini döretmäge gönükdiriler.  

       Bu forum iki ýurduň telekeçileri üçin täze mümkinçilikleriň gapysyny açyp, sebitde işewür gatnaşyklary giňeltmek hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança bolar.

      Forumyň dowamynda dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalara serediler, maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar we işewürleriň arasynda göni gepleşikler geçiriler. Şeýlelikde, bu çäre Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň täze tapgyryna ýol açmagy maksat edinýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň