Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen bedewiniň şan-şöhraty – Ýewropanyň merkezinde dabaralandy

07.09.2026
27

          Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabrynda geçirilen Ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempionaty, gözellik bäsleşigi we halkara çäreler toplumy türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä giňişliginde ýene bir gezek dabaralandy. Ýewropanyň iri atçylyk merkezleriniň birinde geçirilen bu giň gerimli çäre halkara jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli atşynaslyk sungatyny ösdürmek, Ahalteke bedewleriniň dünýä şöhratyny belende galdyrmak we halkymyzyň baý medeni mirasyny halkara giňişlikde giňden wagyz etmek baradaky asylly başlangyçlary bu möhüm halkara wakada öz aýdyň beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde çykyş edip, bu çäräniň Türkmenistanyň gadymy taryhyna we özboluşly medeniýetine goýulýan belent hormatyň nyşanydygyny belledi.

         Halkara çärä Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň milli mirasyny, medeniýetini, sungatyny, halk senetçiligini we ýurdumyzyň häzirki zaman mümkinçiliklerini giňden görkezýän sergi stendlarynyň guralyşyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy jogapkärçilik çekdi.

         Sergi meýdançalarynda türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan milli däp-dessurlary, amaly-haşam sungaty, çeperçilik we senetçilik önümleri, milli egin-eşikler, halyçylyk sungaty hem-de medeni gymmatlyklary özboluşly sergi görnüşinde daşary ýurtly myhmanlara ýetirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň dürli pudaklarynyň gazananlary we işewürlik mümkinçilikleri bilen tanyşmaga şert döredildi.

       Çäräniň dowamynda Ahalteke bedewleriniň gözellik we atly sport çykyşlary bilen birlikde, türkmen halkynyň milli medeniýetini we sungatyny şöhlelendirýän dürli çäreler, döredijilik çykyşlary hem-de tanyşdyryşlar geçirilip, Türkmenistan Ýewropanyň merkezinde özboluşly milli keşbi bilen giňden tanadyldy.

         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bu iri halkara çärä işjeň gatnaşmagy milli gymmatlyklary dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmak bilen bir hatarda, daşary ýurtly işewür toparlar bilen gatnaşyklary ösdürmek, täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini döretmek we türkmen önümleriniň hem-de hyzmatlarynyň halkara giňişlikdäki ornuny pugtalandyrmak üçin hem ähmiýetli mümkinçilik boldy.

         Ahalteke bedewi – türkmen halkynyň şöhratly geçmişini, belent ruhuny we ýagty geljegini birleşdirýän milli gymmatlykdyr. Kronenbergde dabaralanan bu şöhrat bolsa türkmen bedewiniň dünýä atçylyk medeniýetindäki belent ornunyň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň