13.06.2026
2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Awstriýa
Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilen
möhüm ykdysady ädim ädildi. Bu gün Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynda söwda-ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň 13-nji mejlisi ýokary derejede
geçirildi.
Mejlise
iki ýurduň degişli ministrlikleriniň, döwlet edaralarynyň hem-de işewürler wekiliýeti gatnaşdy.
Mejlisiň
dowamynda taraplar ikiçäk söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we
maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmek boýunça anyk çäreleri ara alyp
maslahatlaşdylar.
Innowasion tehnologiýalary önümçilige
ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek we emeli aň ulgamynda tejribe alyşmak meselelerine
aýratyn üns berildi.
Taraplar gaýtadan dikeldilýän
energiýa çeşmelerini ösdürmek, ekologiýa
taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi
ylalaşdylar.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy,
ylym-bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmek baradaky
tekliplere seredildi.
Bilim ulgamy boýunça iki ýurduň ýokary
okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary berkitmek we bilelikdäki ylmy
taslamalary goldamak bellenildi.
Mejlisde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň aprel aýynda Awstriýa
Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň taryhy ähmiýeti nygtaldy. Şol
saparyň çäklerinde gazanylan ýokary derejedäki ylalaşyklar şu günki 13-nji
mejlisiň netijeli geçmegine uly itergi
berdi.
Mejlisiň çäginde türkmen tarapy hanym
Elizabet Weissenbökü Bilelikdäki toparyň Awstriýa böleginiň başlygy wezipesine bellenilmegi bilen gutlady. Gepleşikleriň ahyrynda taraplar iki
halkyň dostlukly gatnaşyklaryny barha dabaralandyrjak we özara ykdysady
bähbitleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen
resminamalara gol çekdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.