11.02.2026
2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda
geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N. Atagulyýewiň
hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda
Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministri Ömer Bolat bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, onuň ösüş ugurlary hem-de özara söwda
dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar
iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmegiň,
bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hem-de hyzmatdaşlygyň
şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň möhüm ähmiýetini bellediler.
Şeýle-de
duşuşykda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň işewür
hyzmatdaşlygy ösdürmekde, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda hem-de
söwda mümkinçiliklerini giňden tanyşdyrmakda netijeli meýdança bolup hyzmat
edendigi nygtaldy.
Duşuşygyň
ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem okgunly ösdüriljekdigine
ynam bildirip, bu ugurda bilelikde alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmeginiň
maksada laýykdygyny bellediler.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.