Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi üstünlikli tamamlandy

12.02.2026
21

          Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi ýokary derejede guralyp, dabaraly ýagdaýda öz işini tamamlady. Üç günüň dowamynda dowam eden sergi iki dostlukly ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açyp görkezdi.

         Serginiň dowamynda Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan, halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýan eksport önümleri giňden tanyşdyryldy. Işewür duşuşyklar we gepleşikler täze şertnamalaryň baglaşylmagyna hem-de geljekki bilelikdäki taslamalaryň ugurlarynyň kesgitlenmegine itergi berdi.

         Serginiň jemleýji dabarasynda gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň hormatly Prezidentine Ýüzlenmesi okaldy. Onda ýurdumyzda döredilýän amatly işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri, telekeçiligi goldamak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasaty üçin hoşallyk beýan edilip, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýarlyk tassyklanyldy.

         Bu giň gerimli sergi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berk binýada esaslanýandygyny äşgär etdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy


Bulary hem okaň