Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady

10.02.2026
34

         2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministri jenap Ömer Bolatyň gatnaşmagynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady.

         Bu sergi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir. Sergide Türkiýe Respublikasynyň dürli pudaklarynda öndürilen eksport harytlary görkezilýär.

         Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyna çenli dowam eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň