21.01.2026
2026-njy ýylyň 10-12-nji fewraly
aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň
eksport mümkinçiliklerini görkezýän eksport harytlarynyň sergisi geçiriler.
Sergi
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de iki
ýurduň telekeçileri üçin täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini döretmäge
gönükdirilendir. Çäräniň dowamynda Türkiýäniň dürli pudaklarynda öndürilýän
ýokary hilli eksport harytlary giňişleýin tanyşdyrylar.
Sergide
senagat, gurluşyk we gurluşyk önümleri, energetika, himiýa, dokma, azyk
senagaty hem-de beýleki ugurlar boýunça öndürilýän önümleriň görkezilmegi
meýilleşdirilýär. Şeýle-de çäräniň dowamynda işewür duşuşyklar, ikitaraplaýyn gepleşikler
hem-de hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar geçiriler.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynda geçiriljek bu sergi iki ýurduň işewür toparlarynyň
arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak hem-de täze taslamalara badalga bermek üçin möhüm meýdança bolup
hyzmat eder.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.