Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

TSSE-niň wekilleri «Çäksiz hyzmatdaşlyk» atly sebitara foruma gatnaşdylar

15.11.2025
70

2025-nji ýylyň 13-14-nji noýabrynda  Merkezi Aziýa döwletleriniň  we Azerbaýjanyň sebitara hyzmatdaşlyk  forumy geçirildi.  Özbegistan respublikasynda gurnalan bu  foruma Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti hem işjeň  gatnaşdy.

     Forumuň esasy maksady Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, işewürleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we döwlet hem-de hususy pudaklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybarat boldy.

     Plenar mejlis «Merkezi Aziýanyň bitewi ykdysady giňişligi: mümkinçilikler we ýagdaýlar» diýlip atlandyryldy. Forumyň mowzuklary  özara söwda we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek, maýa goýum we ulag-logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmek, bilelikdäki önümçilik taslamalaryny we tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmek, «ýaşyl» ykdysadyýet hem-de sanly ulgamyň mümkinçiliklerini durmuşa ornaşdyrmak, söwda-senagat edaralarynyň, işewür birleşikleriniň we eksport agentlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ýaly temalary öz içine aldy.

     Çäräniň ikinji güni işewürleriň arasynda B2B duşuşyklary gurnaldy.

     Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. «Çäksiz hyzmatdaşlyk» atly sebitara foruma gatnaşyjy taraplar  hemmetaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede hem, «Merkezi Aziýa + Azerbayjan» görnüşiniň çäklerinde hem mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge eýerýändiklerini tassykladylar.

                                                                                 Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                      Metbugat gullugy


Bulary hem okaň