Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

TSSE-de Milli bahar baýramçylygy mynasybetli döredijilik duşuşygy gurnaldy

17.03.2026
17

    Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ýene-de bir baýramçylygy uly şatlyk-şowhuna besläp garşylaýar. Ata-babalarymyzyň gadymdan bäri belläp gelýän Milli bahar baýramynyň dabaralary, belent joşguny Diýarymyza ýaň salýar.

     Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň  işgärleriniň arasynda Milli bahar baýramy ─ Halkara Nowruz güni mynasybetli Edaranyň Kärdeşler arkalaşygy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar birleşiginiň ilkinji guramasy  bilen bilelikde  döredijilik duşuşygy gurnaldy.

     Duşuşyga  Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr  Aýgül Garaýewa gatnaşyp, Milli bahar baýramçylygynyň gelip-çykyşy, döwletli Diýarymyzda  bellenilişi dogrusynda täsirli çykyş etdi.  Çäräniň dowamynda şahyr zenanyň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň   döredijilik bilen meşgullanýan işgärleriniň goşgulary diňlenildi.

       Döredijilik duşuşygynda ýurdumyzda uly dabaralara beslenip geçirilýän Milli bahar baýramy ─ Halkara Nowruz güni, şunuň bilen baglanyşykly däp-dessurlar, adatlar hakynda pikir alşyldy.

      Çäräniň ahyrynda milli baýramçylyklarymyza, däp-dessurlarymyza giňden ýol açan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

 

 

                                                        Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                      Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň