Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedow tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisinde “Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini
döretmek hakynda” Permana gol çekdi. Täze
ýokary okuw mekdebi ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmäge, sanly we
innowasion bilimleri ornaşdyrmaga gönükdiriler.
Bu
Halkara uniwersitetiň esasy maksady – häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän,
täzeçil pikirlenýän, daşary ýurt dillerini bilýän, sanly tehnologiýalardan baş
çykarýan hünärmenleri taýýarlamakdyr.
Halkara
senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okatmagyň usulyýetleri hem häzirki
zaman talaplaryna laýyklykda, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine esaslanyp
guralar. Okuw meýilnamalaryna ykdysadyýet, dolandyryş, marketing, sanly
ykdysadyýet, maglumat tehnologiýalary, maliýe, halkara işewürlik ýaly ugurlary
giriziler.
Täze
uniwersitet diňe bir ýokary bilim bermek bilen çäklenmän, işewürlik
başlangyçlaryna goldaw berýän ylmy-amaly merkez hökmünde hem çykyş eder.
Şeýlelikde, ýaş telekeçiler täze taslamalary ösdürmek, işewür meýilnamalary
taýýarlamak we halkara hyzmatdaşlyk guramak boýunça giň mümkinçiliklere eýe
bolarlar.
Bu
başlangyç Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, telekeçiligi
höweslendirmek we hususy ulgamyň paýyny artdyrmak baradaky syýasatynyň möhüm
bölegidir. Uniwersitetiň döredilmegi bilen telekeçilik ulgamynda bilim kuwwaty
has-da artar, ösüşleriň täze eýýamy başlar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy