Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Täze şertnamalar we belent sepgitler: Türkmen dokmasynyň dünýä bazaryndaky kuwwaty ýene bir gezek subut edildi

06.06.2026
57

       2026-njy ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi ýarmarkasy öz işini üstünlikli jemledi.

     Halkara sergi ýarmarkasyna Türkiýeden, Hytaýdan, Italiýadan, Germaniýadan, Hindistandan we beýleki döwletlerden ençeme  kompaniýanyň hünärmenleri hem-de dizaýnerleri gatnaşdy.Tebigy süýmleri gaýtadan işleýän enjamlardan başlap, taýýar egin-eşiklere, bezeg şaýlaryna we dokma himiýasyna çenli önümleriň doly tapgyry görkezildi.

    Bu çäräniň çäklerindäki moda görkezişleri "Fashion Channel" telekanalynyň köpmillionly halkara auditoriýasyna ýetirildi.

     Babadayhan, Türkmenbaşy jins  we Aşgabadyň dokma toplumlary özleriniň ekologik taýdan arassa, halkara ülňülere laýyk gelýän taýýar eginbaşlaryny  görkezdiler.  Gündelik we sport geýimlerini öndürýän «Gala», «Bürgüt», «Nusaý» we erkek köýnekleriň tanymal  brendi bolan «Ýeňiş» ýaly markalar öz onlaýn we oflaýn täze kataloglaryny  hem tanyşdyrdylar.

     Çärede diňe bir taýýar önümler däl, eýsem önümçiligiň doly tapgyryny döwrebaplaşdyrýan enjamlar hem görkezildi. Italýan kompaniýalary çeýe we ýokary öndürijilikli täze dokma maşynlaryny hödürlediler.

      «TurkmenTextile Expo 2026» halkara sergisiniň çäklerinde örän işjeň we netijeli B2B  duşuşyklar guraldy. Geçirilen göni gepleşikler ýerli öndürijilere dünýä bazaryna çykmaga we täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga giň ýol açdy.

     Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri esasynda üstünlikli geçirilen halkara sergi ýarmarkasy türkmen dokma önümleriniň dünýä derejesindäki belent ornuny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

                                                        

                                                         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                      Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň