PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Täze başlangyçlar hyzmatdaşlyga badalga berýär

08.12.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi   jenap Braýt Kupemba  bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň duşuşygy geçirildi.

         Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurtlaryň arasynda syýasy geňeşmeleri netijesinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha artýar.

Türkmenistan bilen Zimbabwe Respublikasynyň arasynda hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen ilkinji ädim hökmünde iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny teklip edildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň