Türkmenistanyň hormatly
Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde
ýurdumyzyň halkara giňişliginde tutýan
orny barha giňeýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasynyň karary bilen, 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda
Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahaty geçiriler.
Bu
çözgüt dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň çözgüdinde Türkmenistanyň eýeleýän
ornunyň we abraýynyň barha artýandygynyň hem-de ýurdumyza bildirilen ynamyň
beýanydyr. Şeýle hem bu maslahat sebitara hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açyp,
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berer.
Maslahatyň
maksady – deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady
mümkinçiliklerini artdyrmak, ulag we logistika ulgamlaryny ösdürmek, sebitara
we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de şol ýurtlaryň dünýä
ykdysadyýetine doly derejede goşulyşmagyna ýardam bermekdir.
Foruma
BMG-niň agza ýurtlaryndan, halkara maliýe guramalaryndan, sebit
birleşmelerinden ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle
hem halkara bilermenleriň, ylmy jemgyýetçiliginiň we işewür toparlaryň
gatnaşmagynda maslahatlar, tegelek stollar we ikitaraplaýyn duşuşyklar guralar.
Maslahatda
ulag geçelgeleri, serhetüsti söwda, energiýa üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy,
sanly ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler ara alnyp
maslahatlaşylar.
Bu
halkara çäre Türkmenistanyň diňe bir sebitara hyzmatdaşlykda däl, eýsem dünýä
derejesindäki möhüm meseleleriň çözgüdinde hem işjeň we ynamly hyzmatdaşlygyny
görkezýär. Sebitara hyzmatdaşlygyň täze sahypasy Awazada açylýar – ösüşiň we
hyzmatdaşlygyň täze eýýamy başlaýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy