Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Şanly sene we şanly sergi: Paýtagtymyzyň 145 Ýyllygy we «Ak şäherim Aşgabat» halkara sergisiniň çärýek asyrlyk ýoly

26.05.2026
34

    2026-njy ýylyň 25 nji maýynda Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygy we "Soňky jaň" dabarasynyň giňden belenilýän gününde 25 ýyl bäri geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly  halkara sergisi we maslahaty üstünlikli jemlenildi.

     Paýtagtymyzyň 145 ýyllygynyň, Garaşsyzlygymyzyň şanly  35 ýyllygynyň toýlanylýan senesinde halkara serginiň geçirilmeginiň ýola goýulmagyna hem çärýek asyryň dolmagy bu çäräniň ähmiýetini hem dabarasyny has-da artdyrdy.     Ýyllaryň dowamynda halkara sergi şäher gurluşygy pudagynda abraýly sergä öwrüldi we oňa gatnaşyjylaryň sany ýylsaýyn artýar.

   Bu sergi täze taslamalar we teklipler, Aşgabat şäheriniň gurluşygy, senagat, medeniýet we ylym pudaklaryndaky üstünlikleri bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikler döretdi, şeýle hem  işewürlük  gatnaşyklaryny gurmak, işewür pikir alyşmak we täze tejribe toplamak üçin amatly meýdança bolup çykyş etdi.

    Sergä gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar  ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşmaga we bu ugurda alnyp  barylýan işleriň gerimine göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar. Çärede halkara sergä gatnaşyjylara diplomlar gowşurylyp,  ykdysady gözden geçirilişiň ahyrynda ony guraýjylar we sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

    “Ak şäherim Aşgabat”  halkara sergisi we  maslahaty  şähergurluşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, täze maýa goýumlaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň çekilmegine özboluşly goşant boldy.

                                                         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                     Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň