Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Şäherleriň bütindünýä forumynda “Akylly şäher – akylly geljek” atly şygar bilen Türkmenistanyň Milli pawilýony işini üstünlikli alyp barýar

19.05.2026
71

   Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçirilýän Şäherleriň bütindünýä forumynyň 13-nji sessiýasy (WUF13) öz işini dowam etdirýär.

    17–22-nji maý aralygynda geçirilýän bu çäre şu ýyl “Ähli we her bir adam üçin ýaşaýyş jaýy: Howpsuz we durnukly şäherler hem-de jemgyýetler” diýen şygar astynda guralýar.

    Şäherleriň bütindünýä forumynyň (WUF13) 13-nji sessiýasynyň çäginde Bakuwda “Urban Expo” sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.  Jemi sergi meýdany 35,000 inedördül metr bolup, ençeme ýurtdan ýüzden gowrak diwarlygy we pawilýony özünde jemleýär.

      Ýurdumyzyň Milli pawilýonynda  aýratyn üns Türkmenistanda ilkinji “akylly şäher” hökmünde bina edilen Arkadag şäherine berilýär. Bu şäher, ýurdumyzyň ýokary tehnologiýalara we sanly ykdysadyýete geçmäge bolan ygrarlylygyny aýdyň görkezýär. Arkadag şäheri, şähergurluşykda döwrebap çözgütleri we innowasion tehnologiýalary birikdirýän ýeke-täk taslama hökmünde çykyş edýär. Sergi diwarlygynda onuň infrastrukturasyna ornaşdyrylan iň täze tehnologiýalar, ýokary hilli aragatnaşyk, internet we emeli aň ulgamynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylýar. Serginiň tomaşaçylary Türkmenistanyň Milli pawilýonyna aýratyn gyzyklanma bildirýärler.

                                                         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                             Metbugat gullugy.    


Bulary hem okaň