24.11.2026
2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda ýurdumyzyň ulag-logistika
ulgamynyň we sanly tehnologiýalaryň ösüşine bagyşlanan iki sany iri halkara
çäre öz işine başlady.
«Halkara
ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş ─ 2026» atly halkara maslahat we sergi, şeýle
hem «Türkmentel ─ 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat Türkmenistanyň
ulag-logistika we sanly aragatnaşyk ulgamlarynyň mümkinçiliklerini halkara
derejede tanyşdyrmakda, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekde hem-de
ýurdumyzyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegindäki ornuny
pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Giň möçberli
çäreleriň çäklerinde telekommunikasiýa, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary,
emeli aň, 5G ulgamy, sanly platformalar, maliýe tehnologiýalary we maglumat
howpsuzlygy boýunça döwrebap çözgütler oňa gatnaşyjylaryň dykgatyna
hödürleniler. Ulag ulgamyna bagyşlanan halkara maslahatyň çäklerinde bolsa,
halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, üstaşyr gatnawlaryň mümkinçiliklerini
giňeltmek we ulag arabaglanyşygyny berkitmek baradaky meseleler ara alnyp
maslahatlaşylar.
Bu iri halkara çäreler 2026-njy ýylyň 26-njy
noýabryna çenli dowam eder.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.