PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagy geçirildi

12.01.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 12-nji  ýanwarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşik boýunça gelip gowşan teklipleri jemlemek  hem-de «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany hakyndaky» Düzgünnamanyň taslamasyna gaýtadan seretmek boýunça Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagy geçirildi.

Ýygnagyň dowamynda Pudagara iş toparynyň agzalary tarapyndan «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşik boýunça hödürlenen 172 sany  nyşanyň şekillerinden 5 sanysy saýlanyp alyndy we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli diýen netijä gelindi.

Şeýle hem Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany hakyndaky» Düzgünnamanyň taslamasy boýunça gelip gowşan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olary  Düzgünnamanyň taslamasyna girizmek barada ylalaşyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

  Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň