08.12.2025
Türkmenistan şu ýyl döwletimiziň
halkara giňişliginde gazanan iň uly üstünlikleriniň biri bolan Hemişelik
Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyny giňden hem-de mynasyp derejede belläp
geçmek üçin giň gerimli taýýarlyk görýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplyk derejesi ýurdumyzda parahatçylyk, ynanyşmak we durnukly ösüş ýolunda
täze mümkinçilikleriň açylmagynda giňden ýol berdi.
Durnukly
ösüşiň bähbitlerini goramak, halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak,
hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny
dünýä derejesinde wagyz etmek bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän çäreleriň
baş maksadydyr. Şu möhüm sene mynasybetli geçiriljek çäreler halkara
gatnaşyklary pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygy giňeltmek we ýurdumyzyň parahatçylyk
söýüjilik syýasatyny dünýä derejesinde wagyz etmek maksadyna hyzmat edýär.
Döwlet
ähmiýetli bu şanly sene bilen baglylykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
binasynda ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem
Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda
geçiriljek halkara sergisiniň giň gerimli taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär.
Bu
serginiň giň gerimde geçirilmegi diňe bir ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli
ugurlarynda gazanan üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem,
Türkmenistanyň 30 ýyllyk Hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň dünýäde giňden ykrar
edilýändigini hem görkezýär. Sergi meýdançasynda dürli pudaklaryň täze
önümleri, häzirki zaman tehnologiýalary, innowasion taslamalar, önümçilikleriň
mümkinçilikleri hem-de hyzmat ugurlary giňden görkeziler.
Şeýlelikde,
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek halkara sergisi ýurdumyzyň
Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesiniň baý many-mazmun bilen
bellenilmegine, halkara hyzmatdaşlygynyň täze derejesine çykarylmagyna we ýurdumyzyň
ösüşiniň dünýä jemgyýetçiligine giňden görkezilmegine möhüm goşant goşar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.