Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Merkezi Aziýa-Koreýa hyzmatdaşlyk forumy: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

11.09.2025
56

        2025-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň sekretarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

         Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň ösdürilişine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän forumyň çäginde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, hususan-da, sanly ykdysadyýet, ýokary tehnologiýalar we bilelikdäki sergileri guramak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

     Türkmenistanyň wekilleri foruma gatnaşmagyň ýurt üçin möhüm ähmiýetini belläp, geljekde işjeň gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigini nygtadylar. Taraplar şeýle duşuşyklaryň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we täze taslamalary durmuşa geçirmäge oňyn täsir ýetirýändigini bellediler.

         Duşuşyk dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň