Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Londonda türkmen işewürleri üçin täze maýa goýum we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri açylýar

24.04.2026
51

       2026-njy ýylyň 9-16-njy maýy aralygynda London şäherinde türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda möhüm iş sapary geçiriler. Beýik Britaniýa Patyşalygynyň Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasynyň çakylygy esasynda hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu sapar, ilkinji nobatda, täze maýa goýumlary çekmäge we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilýär.

         Saparyň çäklerinde türkmen telekeçileri britan kompaniýalary bilen göni gepleşikleri geçirip, dokma senagaty, oba hojalygy, gurluşyk, bilim we syýahatçylyk ugurlarynda anyk taslamalary ara alyp maslahatlaşarlar. Duşuşyklaryň esasy maksady – bilelikdäki önümçilikleri ýola goýmak, öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek we türkmen önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna çykarylyşyny giňeltmekdir.

         Londonda meýilleşdirilýän işewürlik maslahatlary, tegelek stol duşuşyklary we kompaniýalara tanyşlyk saparlary gatnaşyjylara täze hyzmatdaşlary tapmaga hem-de özara bähbitli şertnamalaryň binýadyny goýmaga mümkinçilik döreder.

         Bu sapar diňe bir işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem türkmen-britan ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga ukyply strategik ädim hökmünde çykyş edýär. Hususan-da täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine, eksport mümkinçilikleriniň giňelmegine we ykdysady gatnaşyklaryň durnukly ösüşine itergi bermegine garaşylýar.

         Umuman aýdanyňda, Londonda geçiriljek bu iş sapary türkmen işewürleri üçin täze mümkinçilikleri açyp, halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga hyzmat eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň