01.11.2025
2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda
türkmen wekiliýeti «Aka-Ausfuhrkredit-Gesellschaft GmbH» maliýe guramasynda «tegelek
stol» duşuşygyna gatnaşdy.
Türkmenistan
we Aka-Ausfuhrkredit Gesellschaft (AKA
Bank) bilelikdäki taslamalary goldamaga gönükdirilen işjeň işewür gatnaşyklary
saklaýarlar. AKA Bankyň wekilleri Germaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda söwda
we maliýe hyzmatdaşlygy boýunça gepleşiklere işjeň gatnaşýarlar.
Bu
gezekki duşuşykda hem söwda - ykdysady ulgamda we hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan ugurlarynda geljegi uly taslamalar ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň
ahyrynda taraplar bir-birege iň ýagşy arzuwlaryny beýan edip, hyzmatdaşlygy
mundan buýana-da ösdürmäge hemişe taýýardyklaryny bellediler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň
Metbugat gullugy.