Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Iki ýurduň ykdysady köprüsi: Türkmenistan we Pakistan

17.11.2026
59

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagty Yslamabat şäherine amala aşyran sapary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm duşuşyklara beslendi.

2026-njy ýylyň 15 – 16-njy noýabrynda Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleri Geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda agza döwletleriň arasynda söwda-ykdysady, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Yslamabat Jarnamasy we “Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary – 2035” atly resminama kabul edildi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy M.Gurdow bilen Pakistanyň Söwda-senagat palatalary federasiýasynyň (FPCCI) prezidenti Atif Ikram Şeýhiň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de işewür wekiliýetleriň özara saparlaryny işjeňleşdirmek meselelerine garaldy.

Duşuşykda energetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa, dokma senagaty, oba hojalygy we derman senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şeýle-de bilelikdäki maýa goýum forumlaryny geçirmek, işewür düzümleriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak we bazar maglumatlarynyň alyş-çalşygyny giňeltmek boýunça teklipler öňe sürüldi.

TSSE-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Pakistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ähli derejelerde pugtalandyrmaga taýýardygyny belläp, türkmen telekeçileriniň pakistanly işewürler, maýadarlar we söwda guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Şeýle hem 17-nji noýabrda Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Mejlisiň gün tertibinde iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Yslamabad şäherinde geçirilen bu duşuşyklar Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ykdysady mazmun bilen baýlaşdyrmak, söwda dolanyşygyny artdyrmak we täze maýa goýum mümkinçiliklerini açmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň