Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Hünärmenler aýdýar: “Turkmentravel – 2026” näme berýär?

15.04.2026
49

         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty syýahatçylyk pudagynyň hünärmenleriniň üns merkezinde durýar. Bu iri halkara çäre diňe bir tejribe alyşmak üçin däl, eýsem täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açýan möhüm platforma hökmünde çykyş edýär.

         Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň wekilleri onuň ähmiýetini aýratyn nygtaýalar. “Emin travel” syýahatçylyk kompaniýasynyň wekili: “Şeýle halkara sergiler täze hyzmatdaşlary tapmaga, hyzmatlarymyzy giňeltmäge we bazardaky ornumyzy berkitmäge uly mümkinçilik berýär” diýip belledi.

         Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Hazar merjeni” kärhanasynyň hünärmeni bolsa: “Bu çäre sebitleriň syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä tanatmaga ýardam edýär. Şeýle sergiler ýerli hyzmatlary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe” diýip nygtady.

       “Bagtyýar dostlar” hususy kärhanasynyň wekili: “Serginiň çäklerinde geçirilýän işewürler arasyndaky duşuşyklar täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge we anyk taslamalary durmuşa geçirmäge giň ýol açýar, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýär” diýip aýratyn nygtaldy.

           “Şowly syýahat” hususy kärhanasynyň hünärmeni: “Bu halkara çäre täze hyzmatlary tanyşdyrmaga, müşderi toruny giňeltmäge we öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge uly mümkinçilik döredýär” diýip belledi.

       “Mukamly syýahat” hususy kärhanasynyň wekili hem öz nobatynda:“Turkmentravel – 2026” ýaly iri halkara çäreler syýahatçylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, täze ugurlary ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly itergi berýär” diýip nygtady.

         Umuman alanyňda, hünärmenleriň biragyzdan bellemegine görä, “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty diňe bir häzirki gazanylan netijeleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem geljek ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hyzmat edýär. Şeýle halkara çäreler milli syýahatçylyk pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň hil derejesini kämilleşdirmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga möhüm goşant goşýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň