Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Halkara sergide täze mümkinçilikler: “Turkmentravel – 2026” gyzgalaňly dowam edýär

15.04.2026
41

       Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi işjeň tapgyrda dowam edýär. Bu giň gerimli çäre ýurduň syýahatçylyk kuwwatyny dünýä tanatmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we täze maýa goýum taslamalaryna ýol açmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.

         Sergi meýdançasynda ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, işewür toparlar hem-de pudaklaýyn hünärmenler gatnaşyp, özara tejribe alyşýarlar. Çäräniň esasy aýratynlyklarynyň biri hem B2B hem-de B2G duşuşyklar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Bu duşuşyklar uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna itergi berýär, ýagny syýahatçylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, täze ugurlary döretmek, myhmanhana we ulag infrastrukturasyny ösdürmek ýaly möhüm meseleler boýunça teklipler öňe sürülýär. Şeýle hem, sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagy we innowasion tehnologiýalaryň peýdalanylmagy boýunça pikir alyşmalar alnyp barylýar.

       “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi Türkmenistanyň açyk ykdysady syýasatynyň aýdyň beýany bolup, ýurduň syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmagyna gönükdirilendir. Çäräniň dowam edýän günlerinde täze taslamalaryň başlangyjy goýulyp, netijeli hyzmatdaşlygyň berk binýady emele gelýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň