14.11.2025
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işini tamamlady.
Foruma Türkmenistandan
we daşary döwletlerden, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan,
Azerbaýjandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Belarusdan,
Gazagystandan, Germaniýadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Russiýadan, Hytaýdan,
Şweýsariýadan, Ýaponiýadan jemi 80-den gowrak ugurdaş kompaniýanyň wekilleri
gatnaşdylar.
Bu halkara çäre sanly ykdysadyýeti
gowulandyrmak, iş ýüzünde sanly çözgütleriň giňden ulanylmagy bilen ykdysady
pudaklarda ösüş gazanmak, şeýle hem halkara tejribesine esaslanýan özara
peýdaly gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek üçin oňyn şertler döretdi.
Serginiň hem forumyň işi B2B duşuşyklary
bilen utgaşdy.
Halkara serginiň we ylmy maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzda telekommunikasiýalar we ulag pudagynyň täzelikleri hem-de ugurlary bilen tanyşmaga uly mümkinçilik döretdi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy