Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Geljegiň gök gurşawynda türkmen nusgasy: “GREEN EXPO 2027” sergisine taýýarlyk wajyp sepgitde

26.05.2026
37

        2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň geňeşçisi Idzisu Satoşi bilen duşuşyk gurnaldy.

      Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy iki ýurduň arasyndaky özara bähbitlilik, dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ünsi çekdi.

      Duşuşykda  2027-nji ýylyň 19-njy martyndan 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde geçiriljek dünýä ähmiýetli “GREEN EXPO 2027” halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmaga ýurdumyzda uly taýýarlygyň görülýändigini bellenildi.   Taraplar Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda  15-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, bu sergä biziň pawilýonymyzyň ýokary guramaçylyk derejesinde gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, özara   pikir alyşdylar.  

      Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň geňeşçisi Idzisu Satoşi «Bagt üçin geljegiň peýzažy» şygary bilen guralýan bu halkara sergä dünýäniň 80-e golaý ýurdunyň gatnaşmagynyň garaşylýandygyny belläp,  Türkmenistanyň Milli  pawilýonynynyň uly gyzyklanma döretjekdigine  ynam bildirýändigini nygtady. Türkmenistanyň çöl we gurak  howa şertlerinde ýaşyl oazisleri döretmegi dünýä bagbançylyk sungaty üçin täsin we öwrenilmäge mynasyp tejribedir.

    Bu sergide   Milli pawilýonymyz  Türkmenistanyň ekologik diplomatiýasyny we maýa goýum mümkinçiliklerini Ýaponiýanyň we dünýäniň öňdebaryjy işewürlerine tanyşdyrmak üçin uly meýdança bolar.

                                                         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                      Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň