Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Gazagystanda Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş assambleýasynyň 3-nji mejlisi geçirildi

09.01.2026
62

        2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilýän Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş assambleýasynyň 3-nji mejlisine gatnaşdylar.

         Mejlisiň dowamynda Türki döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, bilelikdäki taslamalary giňeltmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

          2019-njy ýylda döredilen Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşigi Türki döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara meýdança bolup durýar.

         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleri, eksport kuwwaty we halkara hyzmatdaşlyga açyk syýasaty barada çykyş etdiler. Şeýle çäreler sebit we halkara derejesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, türki döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam berýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň