11.06.2026
2026-njy ýylyň 9-10-njy iýunynda ýurdumyzyň
Daşoguz welaýatynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň işewürler
topary saparda bolup, bilelikdäki türkmen-özbek işewürler forumyna gatnaşdylar.
Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Daşoguz welaýat häkimligi
tarapyndan gurnaldy.
Bu forum iki goňşy ýurduň serhetýaka
sebitleriniň ykdysady we söwda mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge gönükdirildi.
Maslahata goňşy döwletden Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Horezm welaýatynyň Maýa goýum, senagat
we söwda müdirliginiň wekilleri, işewürler topary gatnaşdy.
Bilelikdäki Türkmen-Özbek işewürler forumynyň
çäklerinde iki ýurduň degişli welaýatlarynyň işewürleriniň arasynda
ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, özara ylalşyklar gazanyldy.
Soňra
Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň işewürler toparynyň wekiliýeti
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan “Daşoguz pagta egriji
fabriginiň” ýokary hilli pagta
ýüpliginiň öndürilişi bilen ýakyndan
tanyşdylar. Kärhananyň sanly we awtomatlaşdyrylan ulgamlary, ekologiýa taýdan
arassa önümleri özbek işewürlerinde uly gyzyklanma döretdi.
Özbek wekiliýeti sebitiň hususy pudagynyň kuwwatly
wekilleriniň biri bolan “Amantaý” hususy kärhanasyna hem baryp gördi. Myhmanlar
kärhananyň önümçilik tehnologiýalary, taýýarlanýan harytlaryň görnüşleri we iş
şertleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu tanyşlyk, hususy pudakda serhetüsti maýa
goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge uly itergi berdi.
Geçirilen bu forum Türkmenistan bilen Özbegistan
Respublikasynyň arasyndaky asyrlara uzan dostlukly, doganlyk we hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklaryny täze amaly mazmun bilen baýlaşdyrdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.