PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň wekiliýeti «EKSPO─ 2023 Doha» taýýarlyk görmek üçin maslahata gatnaşdy

12.09.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň  wekiliýeti, Halkara sergä taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglanyşykly geçirilen maslahata gatnaşdy. «EKSPO ─ 2023 Doha» 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 28-nji martyna çenli «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» atly şygar bilen geçiriler. Maslahata gatnaşmak üçin 70-den gowrak ýurtdan wekiliýet çagyryldy.

Maslahatyň gün tertibine gurluşyk meýdançasyny EKSPO zolaklaryny dolandyrmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, saglyk we howpsuzlyk, ulag, logistika we aragatnaşyk meseleleri hem-de bu halkara sergisiniň geçýän wagtynda çärä gatnaşýanlara hödürlenýän hyzmatlar we başga-da birnäçe soraglar goşuldy.

Maslahata serginiň Baş Komissary Onuň Alyhezreti Bader Al Dafa, Halkara sergi býurosynyň Baş Sekretary Dimitriý Kerkenzes, Halkara bagbançylyk birleşiginiň Baş Sekretary Braýrklif gatnaşdy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow bilen Baş Komissar jenap Bader Al Dafanyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanda we Katar döwletinde aýratyn orun berilýän daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar,  Şeýle hem Türkmenistanyň Milli gününde geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere uly üns berildi.

Duşuşygyň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar üçin gurluşyk we daşky bezeg işleriniň gidişi bilen tanyşmak üçin Sergi meýdançasyna gezelenç guraldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

 Metbugat gullugy


Bulary hem okaň