Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

CIET 2026: Ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri

20.10.2026
30

       2026-njy ýylyň 3 – 5-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly Halkara sergi we ylmy maslahaty – CIET 2026 geçiriler.

         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek bu halkara çäre daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

         Serginiň çäklerinde pudaklaryň gazanan üstünlikleri, innowasion taslamalary hem-de geljegi uly maýa goýum mümkinçilikleri tanyşdyrylar.

         CIET 2026 ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny dünýä ýaýmakda, halkara işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň