Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

CIET 2026: Maýa goýumlaryň we innowasiýalaryň özara baglanyşygy

04.11.2026
10

       2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara sergi we maslahat öz işini dowam etdirýär.

         Dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet edaralarynyň wekillerini, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny, maýadarlary we pudaklaýyn bilermenleri bir ýere jemleýän halkara çäre ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, senagat mümkinçiliklerini hem-de maýa goýum babatdaky geljegini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrýar.

         Halkara serginiň ilkinji güninde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşylyp, birnäçe hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi. Bu ylalaşyklar gurluşyk, senagat, energetika, himiýa we ulag infrastrukturasyny ösdürmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar.

Şu günüň maksatnamasynyň çäklerinde “Energetika we himiýa senagatynyň häzirki wagtda ýokary hilli önümleri hem-de halkara maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçilikleri” we “Ýol infrastrukturasyny ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar, innowasion gurluşyk materiallary we geljege gönükdirilen binagärlik çözgütleri”, “Infrastruktura, senagat we ulag baglanyşygyny ösdürmekde maýa goýumlary we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy”, “Döwlet we hususy pudagyň ykdysady ösüş ugrunda hyzmatdaşlygy” ýaly möhüm mowzuklara bagyşlanan mejlisler geçirilýär.

 Şeýle hem halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we täze işewürlik başlangyçlaryna ýol açmakda möhüm ähmiýete eýe bolan B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklar hem dowam etdirilýär.

         CIET 2026 halkara sergi we maslahaty ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny dünýä derejesinde dabaralandyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de milli ykdysadyýetimiziň geljekki ösüşlerine täze itergi bermek babatda möhüm ähmiýetli halkara işewürlik meýdançasydyr.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň