Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Çagalaryň bagtyýar geljeginiň bähbidine gönükdirilen halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady

19.08.2026
18

        2026-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda çagalar üçin niýetlenen önümleriň, hyzmatlaryň, bilim-döredijilik mümkinçilikleriniň hem-de täze başlangyçlaryň giň toplumyny özünde jemleýän “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy dabaraly ýagdaýda öz işine başlady.

        Ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen açylyş dabarasynda Hormatly Prezidentimiziň Gutlag haty okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy we döredijilik başarnyklaryny doly açyp görkezmegi üçin döredilýän mümkinçilikler baradaky parasatly garaýyşlary bu halkara çäräniň ähmiýetini has-da belende göterýär.

         Halkara sergi-ýarmarkanyň çäklerinde çagalaryň dürli ugurlardaky başarnyklaryny ösdürmäge, olaryň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilen giň gerimli çäreler geçirilýär. Olaryň hatarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda Küşt ýaryşy, Halkara Küşt federasiýasynyň tälim beriji ussatlyk sapaklary, “Hünärler şäheri: geljege tarap 5 ädim” atly hünäre ugrukdyryş we maslahat beriş çäreleri, şeýle hem “Durmuşyň ilkinji 1000 güni: her bir çaga üçin iň gowy başlangyç” atly ene süýdi bilen iýmitlenmegiň peýdasy barada maslahatlar we duşuşyklar bar.

         “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy – çagalaryň bagtyýar şu güni we nurana geljegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň, halkara hyzmatdaşlygyň hem-de täze başlangyçlaryň özboluşly baýramydyr.

         “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy 22-nji awgusta çenli dowam eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň