Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

"Bir millet, iki döwlet": Türkmenistan we Türkiýe ykdysadyýetiň täze kartasyny çyzýar

04.06.2026
31

       Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisi 2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda  geçirildi.

     Bu çärä iki ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we öňdebaryjy işewür wekilleri gatnaşdy.

    Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew hem-de resmi sapar bilen Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz bilelikde başlyklyk etdiler.    Hökümetara toparyň 9-njy mejlisiniň Aşgabatda guralmagy, iki ýurduň arasyndaky taryhy, medeni we ykdysady köpçülikleýin gatnaşyklaryň täze, has ýokary hil derejesine göterilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

    Mejlis we onuň çägindäki duşuşyklar iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary täze tapgyra çykarmakda möhüm ädim boldy.

    Gepleşikleriň netijesi boýunça giň  hyzmatdaşlyk teswirnamasyna  gol çekildi. Bu resminama söwda we maýa goýumlary, energetika, ulag we logistika, senagat, gurluşyk, şeýle hem bilim we medeniýet ýaly pudaklary öz içine alýan 71 sany anyk çäräni we taslamany durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. 

   Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisiniň geosyýasy we ykdysady ähmiýeti diňe bir iki ýurduň bähbitleri bilen çäklenmän, eýsem tutuş sebit üçin hem strategik häsiýete eýedir.

    Bu mejlis iki doganlyk döwletiň arasyndaky gatnaşyklary täze hile we amaly tapgyra çykarmakda uly itergi boldy.

                                                                         

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň