Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Awazada halkara sergi we maslahat üstünlikli tamamlandy

04.11.2025
86

 

     2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işini tamamlady.

      Bu halkara sergi hem maslahat Türkmenistanyň gurluşyk we energetika ulgamlaryndaky mümkinçilikleri we maýa goýum gurşawy barada giňişleýin maglumat almaga şert döretdi.

     Halkara sergi  adybir pudaklarynda  halkara tejribesiniň ylym-senagat we tehnologiýa gazananlaryna degişli iň soňky işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrdy.

     Maslahata gatnaşyjylar bu forumy guramak babatda döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we ýurdumyzda maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna, Diýarymyzyň dünýä giňişligine goşulyşmagyna we onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna döwlet derejesinde üns berilýändigini nygtadylar.

     Bu möhüm pudaklaryň okgunly ösüşinde ýurdumyzyň täze senagat-innowasion keşbini kemala getirmegiň, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň wajyp şertleri jemlenendir.                                                                  

     Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

                                                          Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                   Metbugat gullugy


Bulary hem okaň