2025-nji ýylyň 18-nji
sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini
giňden açyp görkezýän Türkmenistanyň
maýa goýum forumy öz işine başlady.
Iki gün dowam etjek forum 19-njy sentýabrda tamamlanar.
Foruma ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň
işewür toparlarynyň, iri halkara kompaniýalaryň, maliýe guramalarynyň wekilleri
gatnaşýarlar. Şeýle hem halkara derejesinde tanalýan maýa goýujylar,
analitikler, döwlet we hususy pudaklaryň wekilleri çykyş edýärler.
Forumyň maksady – Türkmenistanyň
ykdysadyýetine maýa goýum çekmek, döwlet we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny
ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de maýa goýujylara ýurdumyzda
döredilen amatly şertleri tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Bu forum – ýurdumyzyň maýa goýum
strategiýasynyň çäginde daşary ýurtly hyzmatdaşlara açykdygyny görkezýän möhüm
platformalaryň biri bolup durýar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi dünýäniň işewür
jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerine bolan
gyzyklanmasynyň artýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.